Düwürtik jahyllyk döwründe çykýar diýip hasap etsegem, onuň başga hem birnäçe sebäpleri bardyr:
Düwürtigiň ilkinji sebäpleriniň biri hem ulanýan kosmetikalaryňyzdyr. Ýüzüňize näçe köp zat çalsaňyz, bedeniň öýjügi dolup, öýjügiň dem almagy kynlaşýar.Birwagt soňra saklanan bakteriýa düwürtik bolup ýüze çykýar.
Düwürtigiň ýene bir sebäbi stresdir.Günüň dowamynda alada,gaýgy näçe köp etseňiz düwürtigiň döreme mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr.
Bedenimizde belli bir näsazlyklaryň ýüze çykmagy bilen hem düwürtikler döräp bilýär. Meselem aşgazan işiniň bozulmagy…
Günüň yşygy düwürtigiň azalmagyna täsir edýär. Aşa köp derlemek düwürtigiň çykmagyna ýol açýar.
Eliňizi ýüzümize ellemekden saklanmaly.
Ýüzüňizi süpürmek üçin niýetlenen süpürgiçleriňize hem üns bermeli.
