SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýä 60 million syýahatçy kabul eder

Türkiýe Respublikasy 2024-nji ýylda 60 million syýahatçy kabul edip, syýahatçylyk pudagyndan 60 milliard dollar girdeji gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Antalýada eden çykyşynda habar berdi.

– Syýahatçylykdaky maksadymyz 2024-nji ýylda 60 million syýahatçy we 60 milliard dollar girdeji gazanmakdan ybarat – diýip, Ärdogan belledi.

Mundan ozal, ýurduň syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoý hem şuňa meňzeş meýilnamalary barada aýdyp geçipdi.

2023-nji ýylda Türkiýe Respublikasy 56,7 million syýahatçy kabul edip, 54,3 milliard dollar girdeji gazandy. Bu ugurdaky görkezijiler 2022-nji bilen deňeşdirilende, degişlilikde 12 göterim we 16,9 göterim köpdür.

Related posts

«Belawiýa» Aşgabada uçuşlary 1-nji sentýabra çenli çäklendirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen syýahatçylygyna bagyşlanan halkara maslahat

Geýts pandemiýa üçin bilermenler guramasyny döretmegi teklip etdi