DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gowy howa menzili

Soňky on ýyllykda ilkinji gezek Singapuryň Çangi howa menzili, “Skytrax” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanýan dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň ýyllyk sanawynda birinjilik ornuny ýitirdi.

Birnäçe ýyl bäri, bu sanawda öňdebaryjylaryň hatarynda durýan Dohanyň Hamad halkara howa menzili 2021-nji ýylda “Dünýäniň iň gowy howa menzili” kategoriýasynda birinji orny eýeledi.

Çangi howa menziliniň rahatlygyny we iň ýokary derejeli iýmit we içgi hyzmatlaryny öňdäki hatarda tutýan janköýerleriniň nukdaýnazaryna garamazdan, üstümizdäki ýylda Çangi howa menzili gazanan üstünlikleri bilen üçünji orny eýeledi.

Dohanyň howa menziliniň ýokary basgançaga çykmagy bolsa, Kataryň howaýollary kompaniýasynyň zähmetiniň uludygy bilen bellemek bolar. Kataryň hökümeti milli awiakompaniýasyna hem-de howa menziline-de ajaýyp netijeler gazanmagy üçin ep-esli maýa goýumlaryny goýdy.

 

Italiýa ýeňilmezek rekordyny öz adyna geçirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri