SPORT

Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Irlandiýa (2-1) garşy iki pökgi geçirip, milli ýygyndy toparynyň rekordyny täzeledi. Ronaldonyň milli ýygyndy üçin 111 goly bar. Şeýlelikde, Ronaldo Ginnesiň kitabyna girizildi we 36 ýaşly futbolça şahadatnama gowşuryldy.

“Ginnesiň rekordlar kitabyna sag bolsun aýdýaryn. Dünýä rekordynyň eýesi hökmünde ykrar edilendigime begenýärin”-diýip, Ronaldo özüniň “Instagram” jemgyýetçilik hasabynda mälim etdi.

 

5-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Mergen Orazow: «Portugaliýa bilen hyzmatdaşlyk türkmen futboly üçin iňňän ähmiýetli bolar»

Türkmenistan sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri