SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede mekdepler açylýar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde koronawirus ýokanjyna garşy göreş hem-de öňüni alyş çäreleri barada möhüm kararlar kabul edildi.

Şol kararlar esasynda:

  • Mekdep okuwçylarynyň okuwy 6-njy sentýabrda başlaýar.
  • Sanjym bolmadyk mugallymlar we mekdep işgärleri, şeýle hem uniwersitetleriň talyplary “PSR” testi tabşyrar.
  • Sanjym almadyk mugallymlar we mekdep işgärleri her hepde 2 gezek testden geçer.
  • Uniwersitetleriň talyplary we işgärlerinden yzygiderli testden geçmegi talap ediler.
  • Uçarlarda, awtobuslarda, kino zallarynda we teatrlarda koronawirus ýokanjyna garşy test synagynyň netijenamalary talap ediler.
  • Koronawirus ýokanjyna garşy sanjym üpjünçiliginde ýokary görkezijiler gazanyldy. Ýurda 87 milliondan gowrak sanjym alyndy.
  • Sanjymyň ilkinji dozasyny alanlaryň sany 46 milliona, ikinji dozasyny alanlaryň sany bolsa 35 milliona golaýlady.
  • Sanjym işleri meýletin ýagdaýda dowam edýär.
  • Koronawirus sanjyma garşy test synaglary döwlet hassahanalarynda mugt amala aşyrylar.

 

Ukraina, Belarus, Gazagystan we Gruziýadan sanawa haýsy ýokary okuw mekdepleri girýär?

 

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär