SPORT

Messiniň köýnekçesi: 7 sekuntda 150 müň sargyt

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzümine goşulan Lionel Messiniň futbol köýnekçesi janköýerler tarapyndan iň köp satyn alynýan harytlaryň birine öwrüldi. Fransuz topary Messiniň köýnekçelerini satyp hem uly girdeji gazanýar.

“PSŽ” topary ýyllyk 35 million ýewro zähmet haky berjek Messiniň köýnekçelerinden häzirden uly girdeji gazanyp başlady. “AS” neşiriniň habaryna görä, futbol muşdaklary Messiniň “30” belgili köýnekçelerini yzygiderli satyn alýarlar.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, Messiniň köýnekçesiniň satuwa çykmagyna garaşyp oturan janköýerler 7 sekuntde 150 müň sargyt etdiler. Topar bu köýnekçeleri 158 ýewrodan satýar.

Ozal habar berlşine görä, ilkibaşda bu köýnekçeler 108 ýewrodan satylýardy.

 

Daşary ýurda okamaga gitjek raýatlaryň dykgatyna

Related posts

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Aziýa Kubogy-2026: Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy