SPORT

«Çelsi» Keýn transferine ýakyn

«Tottehhemiň» hüjümçisi Harri Keýniň geljegi heniz belli däl.

«The Athletic» neşiriniň ýazmagyna görä, 27 ýaşly futbolçy toparyny üýtgetmek baradaky kesgitli karara geldi. Ýöne heniz «Tottenhemi» baha babatynda kanagatlandyryp bilenok.

Şonuň hem toparlar Keýn üçin bellenen bahany pese düşürmegiň ýoly hökmünde «Tottenheme» käbir oýunçylaryny hödürleýärler. Neşir hut şu mesele babatynda «Çelsiniň» ýagdaýynyň «Mançester Sitiniňkiden» biraz öwerlikdigini ýazýarlar.

Has takygy, «gökler» Temmi Abrahamy teklip edýärler. Bu teklip, dogrusy, «Tottenhemi» kanagatlandyrýar. «Mançester Siti» bolsa Harri Keýn üçin Rahim Sterlingden ýüz öwürmäge taýýar. Ýöne «Tottenhem» onuň aýlygyny tölemekden ýaýdanýar.

Ärdogan milli Liderimizi Gurban baýramy bilen gutlady

 

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy