BIZNES

USAID Türkmenistanda miwe-gök önümlerini eksport edijiler üçin degişli telefon nokatlaryny işe girizdi

ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) türkmen miwe-gök önüm öndürijilerine eksport meseleleri boýunça maslahat bermek üçin degişli telefon nokatlaryny açdy.

 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan goldanan bu başlangyç, tejribesiz üpjün edijilere daşary söwdanyň çylşyrymly düzgünlerinden has gowy baş çykarmaga ýardam edip, öňdebaryjy täjirçilik tejribesini öwrenmage mümkinçilik döreder.

Telefon we internet arkaly berilýän maslahat hyzmatlary, eksporta gönükdirilen aşakdaky işleri öz içine alýar:

  • Daşary ýurtly hyzmatdaşyň täjirçilik talaplaryna we tekliplerine baha bermek;
  • Daşary söwda hyzmatdaşlarynyň edenliligini kesgitlemek üçin barlag geçirmek arkaly töwekgelçilikleri azaltmagyň usullary;
  • Halkara söwdasynda (“INCOTERMS”) bitewi düzgünleriň ulanylmagy;
  • Daşary ýurt gümrük nyrhlaryny kesgitlemek, şeýle hem beýleki peýdaly gurallary öwrenmek üçin bazar gözlegleri gurallaryny ulanmak.

Degişli telefon nokatlary 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 30-njy sentýabryna çenli işlär. Maslahatlar türkmen we rus dillerinde berler.

Degişli telefon nokatlary bilen baglanyşykly ähli soraglar boýunça aşakdakylara ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Elektron salgylar: Batyr_Gurbangeldiyev@dai.comctjexportsupport@dai.com

Telefon: +993 65 500 652.

USAID-iň bäsdeşlik ukyby, söwda we iş orunlaryny döretmek taslamasy, 2020-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistandaky miwe-gök önümleri öndürijilerine eksporty ulaltmak boýunça maslahat bermegiň degişli telefon nokatlarynyň tapgyryny işe girizdi. Öňki iki degişli telefon nokatlary, agronomiýa goldawyna we önümi daşary ýurt bazarlaryna çykarmagyň talaplaryna gönükdirilendi.

Çeşme: tstb.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Başar al-Asady gutlady

 

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler