BIZNES

Hytaýyň kompaniýasy Türkmenistanda tebigy gaz tenderiniň ýeňijisi

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gazly ýataklaryň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşik Hytaýyň «International» milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tarapyndan geçirildi, «China Petroleum Engineering Construction» kompaniýasy onuň ýeňijisi diýlip ykrar edildi. Bu barada “tngizt.gov.tm” internet neşirinde habar berildi.

Taslamanyň çäklerinde ýataklaryň 6-sy — Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga berler.

Hususan-da, guýularyň 22-si, gaz toplaýjy beketleriň 4-üsi, turbageçirijileri, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamyny, şol sanda elektrik üpjünçilik we suw üpjünçilik ulgamlaryny, önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Olaryň umumy taslama kuwwaty bir ýylda gazyň 1,8 milliard kubmetrine deň bolar.
Häzir «China Petroleum Engineering Construction» kompaniýasynyň «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň gündogar böleginde ýerleşen Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýandygyny bellemek gerek.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ministrini kabul etdi

Related posts

“Arterail” kompaniýasynyň wekiliýeti Türkmenistana çagyryldy

Üçünji gezek global ösüş çaklamasyna täzeden seredildi

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda üstaşyr söwda ylalaşygy baglaşylar

Ata Watan Eserleri