BIZNES

Birža täzelikleri: daşary ýurt işewürleri arassalanmadyk parafini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, arassalanmadyk parafini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 861 müň dollaryndan gowrak boldy. Hindistanyň telekeçileri bahasy 1 million 193 müň manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 437 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.

 

Türkmenistan-Pakistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar