BIZNES

Hytaý kompaniýasy Hazarda ýel energetika taslamasy bilen gyzyklanýar

Hytaýyň “China Energy” kompaniýasy Hazar deňzinde giň gerimli ýel energetikasy taslamasyny meýilleşdirýär. Bu kompaniýa Azerbaýjanda deňizde gurljak 200 megawattlyk ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly mümkinçilikleri öwrenýär.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada žurnalistlere Bakuwda geçirilýän Energetika hepdeliginiň çäginde “China Energy Engineering Corporation Limited” kompaniýasynyň wise-prezidenti Bo Wan aýtdy.

“Biz Azerbaýjanyň Energetika ministrligi bilen Gün hem-de deňiz ýel energetikasyna maýa goýmak boýunça hyzmatdaşlyk edýäris. Şu günki gün biz ministrlik we beýleki edaralar bilen Azerbaýjanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň giňden ornaşdyrylmagy üçin elektrik ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem maslahatlaşýarys” diýip belledi.

Bo Wan häzirki wagtda Fizuli welaýatynda kuwwaty 160 megawatt bolan Gün elektrik stansiýasynyň taslamasynyň hem-de 200 megawattlyk deňiz ýel energetikasy boýunça mümkinçilikleriň öwrenilýändigini aýtdy.

Hytaý kompaniýasynyň wise-prezidenti şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşini üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça Azerbaýjanyň Energetika ministrligi bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilendigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi