DÜNÝÄ

Polşada täze Prezident saýlandy

1-nji iýunda Polşada geçirilen Prezident saýlawlarynda «Kanun we adalat» (PiS) partiýasynyň dalaşgäri Karol Nawroskiý ýeňiş gazandy. 42 ýaşly Karol Nawroskiý bäsdeşi Warşawanyň häkimi, dolandyryjy «Raýat bileleşiginden» dalaşgär Rafal Tşaskowskiden 2% öňe geçip, 51 göterim ses aldy. Saýlawlaryň ikinji tapgyryna gatnaşyk 72,8 göterime deň boldy.
Şeýlelikde 2015-nji ýylda häkimiýete gelen Polşanyň häzirki Prezidenti Anjeý Dudanyň ikinji möhleti tamamlandy we kanun boýunça gaýtadan dalaşgärlik edip bilmeýär. Polşanyň Prezidenti 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar we diňe bir gezek gaýtadan saýlanyp bilinýär. Polşada döwlet Baştutany syýasy ugry kesgitlemekde onçakly möhüm rol oýnamaýar. Ýöne parlamentiň kanun taslamalaryna we hökümet başlangyçlaryna weto goýmaga hukugy bar.
Polşada Prezident saýlawlary göni ses bermek arkaly amala aşyrylýar. Eger-de birinji tapgyrda dalaşgärleriň hiç birisi 50 göterimden ýokary ses gazanyp bilmese, onda ikinji tapgyry bellenip, oňa birinji we ikinji orunlary eýelän dalaşgärler gatnaşýarlar. Resmi maglumatlara häzir Polşanyň ilaty 40 milliondan gowrak adama deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy