DÜNÝÄ

Mekdepleriň arasynda ilkinji wideo-köpri

2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Astrahan welaýatynyň PriwolŽsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiň we Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň arasynda ilkinji wideo-köpri geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili, RF-niň Magaryf ministriniň orunbasary P.S.Zenkowiç, Astrahan welaýatynyň Gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Ý.Babuşkin we beýleki adamlar gatnaşdylar.

Özleriniň dabaraly çykyşlarynda Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Astrahan welaýatynyň ýaşaýjylary üçin gurlup berilen Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep üçin çuňňur minnetdarlyklaryny beýan etdiler we türkmen-rus gatnaşyklarynyň ynsanperwerlik ulgamynda mundan beýläk hem berkidilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

«Arkadag» topary «Al-Nasryň» garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary dereje duşuşyk geçiriler