JEMGYÝET

100 müň dollarlyk syr

Mundan ýarym asyr ozal bir adam diş pastasyny öndürýän «Kolgeýt» kompaniýasyna gelip, girdejini 40 göterim ösdürmegiň syryny bilýändigini aýdypdyr. Ýöne ol bu syr üçin kompaniýadan 100 müň dollar talap edipdir.

Ýekeje syr üçin kimiň 100 müň dollar töläsi gelýär? Ine, kompaniýanyň ýolbaşçylary şu akyla gulluk edip, bu syry tapmagy öz inženerlerine buýrupdyrlar. Bolmasa, bolanok-da! Olar her näçe kelle döwselerem, bu syry tapyp bilmändirler. Ahyry, kompaniýa şol adama 100 müň dollar tölemäge razy bolupdyr. Alynjak girdeji çykdajynyň öwezini dolandyr-da!

Wakanyň iň gyzykly ýeri, bahasy 100 müň dollarlyk syr bary-ýogy üç sözlemden ybarat eken: «Pastanyň agzyny ulaldyň!». Şondan soň kompaniýa gabyň deşigini 5 millimetrden 6 millimetre çykardy. Hakykatdan-da, soňky girdeji ozalkynyň dagy çeni-çaky bolmady…
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ayagyn-ujunda-durup-horlanmak-mumkinmi/

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi