Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda gurulýan we guruljak käbir möhüm taslamalar bilen tanyşdy.
Energetika ministri Ç.Purçekow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy, toplumda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, merkeziň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Umumy eýeleýän meýdany 29 müň inedördül metrden gowrak bolan bu merkeziň ulanyşa girizilmegi bilen täze iş orunlary dörär.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň şekil taslamalary, Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasy hödürlenildi. Şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermek boýunça geçirilýän işler barada giňişleýin maglumat berildi we degişli taslamalar görkezildi.
Bellenilişi ýaly, bu işiň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak boýunça taslama Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlanyldy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer.