BIZNES

Bitkoin milli pul birligine öwrülip barýar

Dünýäde kriptowalýuta ulgamy çalt depginde ösýär. Esasy kriptowalýuta bolan bitkoin milli pul birligine öwrülýär. Salwador bitkoiny milli pul birligi hökmünde kabul etdi.

Häzir bolsa Afrikanyň Tanzaniýa döwleti bitkoiny milli pul birligi hökmünde kabul etmek üçin degişli işleri ýola goýdy. Tanzaniýanyň Prezidenti Samia Suluhu ýurduň Merkezi bankyny kriptowalýutalaryň giňden ulanylmagynyň üstünde işlemäge çagyrdy.

Häzirki wagtda bitkoiniň bahasy 3,3 göterim ýokarlandy we 40 müň 650 dollar derejesine ýetdi. Kripto pul bazarlarynyň aktiw mukdary 4,5 göterim ýokarlandy we 1 trillion 750 milliard dollardan geçdi.

Kriptowalýuta bazary soňky döwürde üýtgäp durýar. Şol sebäpli maýadarlar, esasanam bitkoindäki hereketi çaklamak üçin soňky wakalara ýakyndan gözegçilik edýärler.

 

Türkmenistanda utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar

 

Related posts

“Unicorn”: Maskyň 5-nji firmasy

Ata Watan Eserleri

11 aýda 88 müň tonna duz gazylyp alyndy

Aşgabatda halkara ulag geçelgeleriniň ösüşine bagyşlanan ITTC 2026 maslahaty geçiriler