SIZDEN GELENLER

Türkmen halysynyñ nepisligi

                             

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

-Türkmen halysy  türkmeniň äleme bolan soňsuz tagzymynyň beýanydyr. Türkmeniň halysy onuň köňlünüň aýdymydyr. Bu aýdym bolsa bir günüň ýa bir döwrüň, asyryň aýdymy bolman, ol heňňamlaryň sedasyny gursagyna goýandyr.

Halkymyz asyrlarboýy özüniň milli gymmatlyklaryny gorap we ösdürip gelen halkdyr. Türkmeniň sungat derejesine göterilen halyçylyk senedi hem bedew atlary, saryja goýuny, aw guşlary mysaly halkymyzyň abraý-mertebesini äleme aýan edip, şöhratyny göterip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde köpasyrlyk taryhy bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan türkmen halyçylyk sungaty hem, halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nury bolup dünýä şöhle salýar. Bu gün nirä barsaň, haýsy döwlete myhman barsaň, törden orun alan türkmen halysyny görmek bolýar. Bu günki gün bagtyýar ýurdumyzda ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda haly sungatymyzyň göterilen ykbaly her bir türkmen raýatynyň başyny göge ýetirýär.

Türkmen tebigatynyň dil bilen beýan edip bolmaýan täsin gözelligini, mährem zenanlaryň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi şöhlelendirýän haly sungatymyz we dokma önümlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halynyň gözüň ýagyny iýip barýan, kalbyňa buýsançly gozgalaň salyp barýan müňlerçe çitimlerinde zenanlarymyzyň yhlasy, Watana, il-güne, türkmen tebigatyna bolan mähiri-söýgüsi, arzuw-niýetleri, ýürek telwasy öz beýanyny tapýar. Garaşsyz Diýarymyzda ajaýyp gözelligi bilen görenleri özüne bendi edýän nepis halylary we dokma önümlerimizi wasp etmedik şahyr, bu ajaýyplygy taryplap aýdym aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek. Ol älem-jahany haýran galdyrýan beýik sungat bolup türkmeni dünýä tanadýar. Öňki döwürlerde hem, dünýä halklary türkmen halylarynyň owadanlygyna, berkligine, tebigy reňkine haýran galypdyrlar. Muňa birnäçe daşary ýurtly alymlaryň, syýahatçylaryň aýdan sözleri hem şaýatlyk edýär. Italýan syýahatçysy Marko Polo şeýle belläpdir: ”Türkmenler iň oňat we owadan halylary, matalary dokaýarlar, iň owadan atlary seýisläp ýetişdirýärler”. Wenger alymy Armeniý Wamberi: ”Orta Aziýanyň esasy sungatlarynyň biri-de türkmen aýal-gyzlarynyň dokaýan halylarydyr” diýýär. Türkmen haly önumleriniň ajaýyp nusgalary häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Awastriýanyň, Ispaniýanyň, Şwesiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerini, sergilerini bezeýär. Bu ugurdan bolan hünärmenleriň aýtmagyna görä, köp sanly  haly önümleri Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hindistanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň üsti bilen dürli ýurtlara alnyp gidilipdir.

Dünýä halklarynyň arzuw ummanynyň gämisine öwrülen el halylarymyz türkmeniň taryhyndan söhbet açsa, şu günki gün şan-şöhratynyň mukamy bolup ýaňlanýar hem-de ajaýyp geljege bolan umydymyza ganat berip, watana bolan yhlasymyzy joşdurýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmeniň dokma önümleriniň hataryndaky halydyr halyçalar, palaslar, dürli-dürli ýantorbalar, gapjyklar, horjunlar türkmen ojaklaryna bezeg beren bolsa, kendir beýleki tara önümleri, düýpi gyňaçlar, dondur çabytlar, nepis alajalar türkmen zenanlarymyzyň gül görküne görk goşupdyr. Bu ajaýyp milli baýlyklarymyz şu günki gün – Berkarar döwletimiziň bagyýarlyk döwründe hem halkymyzyň ruhuny, köňül hazynasyny baýlaşdyrýar. Türkmen halylarynyň taryhy şöhrata eýe bolan häzirki bagtyýarlyk döwrümizde olaryň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza sowgat berlen dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmen halysynyň muzeýi hem halkymyza hyzmat edip gelýär. Bu muzeý hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli gymmatlygy bolan türkmen halysyna goýýan belent sarpasynyň alamatydyr. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” atly uly göwrümli kitaby hem mähriban käbelerimizden miras galan ajaýyp türkmen halylaryna bagyşlanyp, ol halyçy gelin-gyzlarymyzyň gymmatly gollanmasydyr. Düýpli ensiklopedik häsiýetli bu kitap “Älemiň sazlaşygy”, “Asyrlaryň ilçisi”, “El bilen döredilen gudrat”, “Haly türkmeniň kalby”, “Ertekiniň dowamy” ýaly baplardan ybarat bolup, ähli welaýatlarymyza degişli haly suratlary bilen bezelen. Kitapda halynyň döreýşinden başlap, onuň haly boýunça zähmet çekip külterlenýän ýaly dowamata uzalyşy barada gymmatly maglumatlar bolup, ol diňe biziň ýurdumyz däl-de, dünýä ýurtlarynyň adamlary üçin hem bahasyz gollanmadyr.

Türkmen halysy hakynda näçe aýtsaň bärden gaýtýar. Ol dünýede gaýtalanmajak gymmatlyklaryň we gözellikleriň biridir. Halylarymyzy näçe synladygyňça gözleriň röwşen bolýar, kalbyň tämizlenýär, paýhasyň durlanýar. Halkymyzda halynyň gymmatlygy hakynda ajaýyp bir nakyl bar. “ Bir okana bar, bir-de dokana”. Şu nakyldan hem görnüşi ýaly, haly dokaýan adam ylym öwrenýän adam bilen deň derejede hormatly saýylýar. Gadymy hem müdümi sungatymyz bolan halymyz her bir türkmen üçin mukaddesdir, ezizdir. Ol diňe biziň öýümüziň törüni däl, kalbymyzyň törüni hem bezeýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly Garaşszylygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanýan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň keremi bilen günsaýyn gül açýan türkmen halysynyň galkynan ykbaly, arşa göterilen sarpasy biziň buýsanjymyzdyr. Goý, türkmen ilimizi bagtyýar eýýama ýetiren, ruhumyzy asmana göteren, Gahryman Arkadagyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

                                                       

Gülnabat SAPAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň 3-nji ýyl talyby

 

                                                                                   

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde täze hyzmat

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti