SPORT

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi portugaliýaly Kristiano Ronaldodan 7 aý soňra milliarderleriň klubuna goşuldy. Bu barada “Bloomberg” agentligi özüniň hasaplamalaryna salgylanyp habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, argentinaly futbolçy 2007-nji ýyldan bäri bonuslary hem goşanyňda 700 million dollar gazandy. Geçen ýyllaryň dowamyndaky ykdysady ösüşi, maýa goýumlardan gelen girdejileri we hemaýatkärlik şertnamalaryny hasaba alanyňda, futbolçynyň umumy baýlygy 1 milliard dollardan geçýär. Şu sebäpli agentlik Messini özüniň “Milliarderler indeksine” (Bloomberg Billionaires Index) girizdi. 2025-nji ýylyň oktýabrynda bolsa bu indekse Ronaldo giripdi we ol Bloomberg-iň görkezijilerine görä milliarder statusyny alan ilkinji futbolçy bolupdy.

Ronaldo “özüniň aýratyn keşbi we şöhraty” saýasynda eýýäm köp ýyllardan bäri mahabat şertnamalaryndan uly girdeji gazanýan bolsa, Messiniň karýerasynyň ilkinji ýyllarynda “onuň meýdançadaky zehini mahabat üstünliklerinden has ýokary boldy”. Bu ýagdaý soňky ýyllarda Messiniň kakasy Horheniň işjeň gatnaşmagynda üýtgedi.

2023-nji ýylda futbolçy “Inter Maýami” bilen şertnama baglaşdy, bu şertnama boýunça girdejiniň bir bölegi klubyň aksiýalary görnüşinde tölenýär. Töläp bilinjek umumy puluň mukdary ýylda 70-80 million dollara ýetip bilýär. Şeýle hem futbolçy “Apple TV” ulgamynda MLS oýunlarynyň görkezilişi üçin onlaýn-abuna satyn almalaryndan gelýän peýdanyň bir bölegini alýar. Agentligiň bellemegine görä, eger argentinaly futbolçy Ronaldo ýaly Saud Arabistanynyň toparlarynyň birine geçen bolsa, has ir hem milliarder bolup bilerdi.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

“Arsenal” topary 22 ýyldan soňra Angliýanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri