22-nji maýda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gatnaşdy.
Dar düzümde geçirilen mejlisde çykyş eden Premýer-ministr ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi we munuň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny aýtdy. Ynsanperwer taslamalaryň we başlangyçlaryň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, adaty dostlugy we ynamy berkitmekde uly mümkinçilige eýedigi bellenildi.
Şu nukdaýnazardan, A. Asadow Minsk şäherini 2027-nji ýylda, Karaganda şäherini bolsa 2028-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty diýip yglan etmek baradaky çözgüdi gutlady.
Azerbaýjanyň Hökümet baştutany şu günlerde Baku şäherinde durnukly ösüş, urbanizasiýa we durmuşyň hilini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça iň iri halkara meýdançalaryň biri bolan Bütindünýä şäher forumynyň 13-nji sessiýasynyň tamamlanýandygyny hem belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda geçen bu forumyň rekord derejede gatnaşyjyny — dünýäniň 182 ýurdundan 40 müňden gowrak wekili bir ýere jemländigi nygtaldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar we “Ýaşyl” energetika
A. Asadow Azerbaýjanyň GDA ýurtlary bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berdi. Bu ugurdaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigi we oňyn ösüş görkezýändigi bellenildi. Hususan-da, 2025-nji ýylda Azerbaýjan bilen GDA agza döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygynyň gölemi 10 göterimden gowrak ýokarlandy.
Şunda Premýer-ministr özara söwdany has-da giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, A. Asadow şu günki günde ýurtda senagatyň, oba hojalygynyň, ulag-logistika ulgamynyň we ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Premýer-ministriň sözlerine görä, ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar diňe bir ekologik durnuklylygy berkitmäge goşant goşman, eýsem Azerbaýjanyň maýa goýum we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem hyzmat edýär.
Çykyşyň dowamynda Azerbaýjanyň Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän ygtybarly ulag we logistika merkezi hökmündäki ornuny yzygiderli berkitýändigi hem bellenildi. Giň gerimli infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagy we halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi ýurduň üstaşyr (tranzit) mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge we Ýewraziýa giňişliginde logistika arabaglanyşygyny berkitmäge ýardam edýär.
Mundan başga-da, A. Asadow ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady başlangyçlaryň işjeňleşdirilendigini belledi. Şuňa baglylykda, 2025-nji ýylyň dekabrynda Azerbaýjanyň 2026–2029-njy ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Strategiýasynyň tassyklanandygy we onuň tehnologik sektoryň, innowasiýalaryň hem-de sanly transformasiýanyň çaltlandyrylan ösüşini göz öňünde tutýandygy nygtaldy.
Premýer-ministr durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň jeminiň, nebit däl pudagyň durnukly ösüşi we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegi bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň tehnologiýalara, infrastruktura ösüşine we sebitara integrasiýasyna gönükdirilen täze ykdysady modeliniň kemala gelmegine ýardam edýändigini mälim etdi.
