BIZNES

Türkiýe Gara deňizde tebigy gaz goruny tapdy

Türkiýe Respublikasy Gara deňizde tebigy gaz gory 135 milliard kubmetre deň bolan täze gaz ýatagyny tapdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdogan belläp geçdi.

Prezidentiň aýtmagyna görä, Türkiýäniň Gara deňizde üstüni açan gaz ýataklarynyň umumy gorunyň 540 milliard kubmetre deň bolandygy mälim edildi.

– Biziň “Fatih” atly buraw gämisi täze gaz ýatagynyň üstünden bardy. Gara deňizdäki “Sakarýa” bölegindäki “Amasra-1” guýusynda 135 milliard kubmetr gory bolan gaz ýatagy açyldy – diýip, Türkiýäniň Prezidenti belläp geçdi.

Türkiýäniň Prezidenti 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda Gara deňizde gaz goruny tapandyklaryny mälim edipdi. 2023-nji ýyla çenli ýurduň hökümeti bu tebigy gazy içerki bazara ibermegi meýilleşdirýär. ýakyn wagtda bu ýatagdaky tebigy gazy çykarmak üçin tehniki meseleler babatda degişli çözgütler kabul ediler we wagt ýitirmän buraw işlerine girişiler.

Türkiýäniň energetika ministri Fatih Dönmez, bu tebigy gaz gorlarynyň Türkiýäniň 10 ýyllyk islegini kanagatlandyrjakdygyny aýtdy. “Bu, elbetde, Türkiýäniň tebigy gaz sarp edilmegine baglydyr. Bizde ýyllyk ortaça tebigy gaz sarp edilişi 45-50 milliard kubmetr. Şeýlelikde, bu gaz gorlary 10 ýyldan gowrak tebigy gaza bolan islegi kanagatlandyrar” diýip, ministr belledi.

Rus sanjymy Ýewropada öndüriler

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy