BIZNES

«Türkmen Logistika» we KAZLOGISTICS hyzmatdaşlara öwrüldiler

Döredilenine ýaňy bir ýyl bolan bolsa-da, «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň üstünlikli ädimleri dowam edýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, üstaşyr ulag hyzmatlaryna ýöriteleşdirilen bu assosiasiýa häzir 90-dan gowrak tarap bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýakynda bolsa onuň wekilleri Gazagystanyň KAZLOGISTICS birleşigi bilen özara hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler.

Mundan beýläk Türkmenistanyň we Gazagystanyň iri logistika kompaniýalary sebitleýin we halkara tutumlarda hyzmatdaşlara öwrülerler. Özara peýdaly çözgütlere gönükdirilen taslamalar, olaryň durmuşa geçirilmegi, maliýe hyzmatdaşlygy ýaly işlerde gol çekişilen Ähtnama uly ähmiýete eýe bolar.

Ýokarda agzalanlardan başga-da, «Türkmen Logistika» bilen KAZLOGISTICS-iň arasynda maglumat we tejribe alyşmak, hünärmenler üçin gysga möhletlerin okuwlary guramak, pudaga häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, özara pikir alyşmalary we bilelikdäki gözlegleri geçirmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk saklarlar.

Bular barada ORIENT-iň habarynda aýdylýar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi