BIZNES

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat ministri Abbas Aliabadi 2025-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlanýan ýylda 1.7 million awtoulag öndürjekdigini belledi.

Aliabadiniň bellemegine görä, Eýranyň awtoulag öndürijileri 2024-nji ýylyň martyna çenli 1.335 million awtoulag öndürdi. Eýranyň ministri ýurduň çägindäki içerki önümçiligindäki durnukly ösüşiň netijesinde, soňky 2 ýyldan bäri ýyllyk awtoulag önümçiliginde dünýä reýtinginde 18-nji orunda durýandygyny belledi.

Eger önümçilik maksatlaryna ýetilen halatynda, Eýran dünýäde iri awtoulag önümçiliginde 15-nji orny eýelär. Eýranyň awtoulag önümçiliginde iş orunlarynyň sany 0.9 milliona ýetdi.

 

Related posts

Sowadyjy ammarlar üçin karz serişdeleri

Ata Watan Eserleri

Pakistan, Aralık ayında TAPI ‘da çalışmaya başlayacak

vepa

Türkmen-türk işewürler geňeşi geçirildi