JEMGYÝET

Gyzykly maglumat: dünýäde ilkinji sürüjilik şahadatnamasy

Sürüjilik şahadatnamasy. Bu gün durmuşymyzyň adaty resminamalarynyň birine öwrülip gitdi. Eýsem, ilkinji sürüjilik şahadatnamasy haçan, nirede ulanyldyka? Bu sowala şu habarymyzdan jogap tapyp bilersiňiz?

Dünýädäki ilkinji sürüjilik şahadatnamasy 1893-nji ýylyň 14-nji awgustynda Parižiň polisiýa bölüminiň başlygy Lui Lepin tarapyndan nämälim fransuz sürüjisine berlipdir.

Ilkinji şahadatnama «Mehanika motorly awtoulagy sürmek hukugy baradaky şahatdanama» diýlip atlandyrylan eken. Özi hem şol döwürde şeýle şahadatnamalar hiç hili synagsyz berilipdir. Olary almak üçin dalaşgär diňe öz awtoulagyny sürmek ukybyny görkezmeli bolupdyr.

 

Golliwudyň meşhur kinokompaniýasyny satyn aldy

 

Related posts

Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýar

Türkmenistan Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar

“Türkmengaz”-“QazaqGaz”: tebigy gazy import etmek we bilelikdäki taslamalar maslahatlaşyldy