SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropada uly ýaşly ilatyň 46 göterimi sanjym edildi

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda uly ýaşly ilatyň 46 göteriminiň azyndan bir doza möçberinde COVID-19 sanjymyny alandygy mälim edildi. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursulan fon der Lýaýen habar berdi.

Ol Brýusselde geçirilen ÝB-niň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammiti wagtynda jemgyýetçilik torundaky hasabyndan ÝB-niň çäklerinde alnyp barylýan sanjym işleri barada maglumat berdi. Ol takmynan 450 million ilatly ÝB-niň çäklerinde 300 million doza sanjymyň üpjün edilendigini, 245 million dozasynyň urlandygyny habar berdi. Şeýlelikde, uly ýaşly ilatyň 46 göterimi azyndan bir doza möçberinde sanjym alandygy mälim edildi.

Şu hepdäniň dowamynda bu görkezijiniň 50 göterime yetjekdigi aýdyldy. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 106 million doza sanjym üpjün edildi. Ikinji çärýekde 413 million doza, üçünji çärýekde 529 million doza, dördünji çärýekde bolsa 452 million doza sanjymyň üpjün edilmegine garaşylýar.

Ýewropa Bileleşigi “BioNTech-Pfizer” bilen 2,4 milliard, “AstraZeneca” bilen 400 million, “Sanofi-GSK” bilen 300 million, “Johnson & Johnson” bilen 400 million, “CureVac” bilen 405 million, “Moderna” bilen 460 million doza möçberinde sanjym almak babatda şertnama baglaşdy.

Häzirki wagtda “BioNTech-Pfizer”, “Moderna”, “AstraZeneca” we “Johnson & Johnson” kompaniýalarynyň sanjymy ÝB tarapyndan bellige alyndy.

ÝB iýul aýyna çenli uly ýaşly ilatyň 70 göterimine sanjym etmegi meýilleşdirýär.

 

Arktika hem gyzýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri