SPORT

Fransiýanyň çempiony “Lill” topary boldy

Şu ýyl Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda garaşylmakdyk toparlar çempion bolmagy başardy. Ispaniýada 7 ýyldna soňra “Atletiko Madrid”, Italiýada 11 ýyldan soňra “Inter” topary çempion boldy.

Ine, Fransiýada hem 2011-nji ýyldan soňra “Lill” topary çempion bolmagy başardy. Bu topar taryhyndaky 4-nji çempionlygyny eýeledi.

“Lill” topary Fransiýanyň öňdebaryjy topary düzüminde dünýäniň iň goey futbolçylary bolan Neýmarly, Mbappeli “PSŽ” toparyndan üstün çykmagy başardy. “PSŽ” topary çempionatda 2-nji orunda galdy. Üçünji orny “Monako” topary eýeledi.

“Lill” topary çempionatyň soňky tapgyrynda “Anžer” toparyny 2:1 hasabynda utdy. Krsitof Galtýeniň tälim berýän “Lill” topary 83 utuk toplap, Fransiýanyň futbol çempionatynda 4-nji çempionlygyny gazandy. Mundan ozal, bu topar 1945/46, 1953/54 we 2010/11 ýyllarynda çempion bolupdy.

Şeýle hem bu topar taryhynda 6 gezek çempionatda ikinji orny eýeläpdi.

TÜRK FUTBOLÇYLARYŇ ULY GOŞANDY

“Lill” toparynyň çempion bolmagynda türkiýe futbolçylaryň hem goşandy uludyr. Burak Ýylmaz, Ýusuf Ýazyjy hem-de Zeki Çelik ýaly futbolçylar bu toparda oýnaýar. Türkiýäniň milli ýygyndysynyň hem hüjümçisi bolan Burak Ýylmaz “Lill” toparynyň düzüminde geçiren gollary bilen Ýewropanyň hem-de Fransiýanyň metbugatynda uly orun aldy.

Burak Ýylmaz topary bilen 28 duşuşykda oýnap, 16 gezek tapawutlandy hem-de 5 gezek topar ýoldaşlarynyň tapawutlanmagyna goşant goşdy. Ýusuf Ýazyjy hem-de Zeki Çelik bolsa degişlilikde 7 we 3 gol geçirdiler.

 

24-nji Maýda Ýyldyzlar näme diýýär? :Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ata Watan Eserleri