Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň ýaşlar we sport baradaky ministri Roksana Marasinýan habar berdi.
– Biz bilim ministri Žan-Mişel Blanker bilen 2 hepdeläp bolarys. Milli wekiliýet üçin çäklendirme bar. Ýurduň Prezidenti açylyş dabarasyna gatnaşar. Biz 2024-nji ýylda Parižde geçjek oýunlar üçin Olimpiýa alawyny kabul etmek babatda Ýaponiýada bolarys – diýip, sport ministri belläp geçdi.
Ministr türgenleriň bu oýunlara hemmetaraplaýyn taýýarlanýandygyny we hökümetiň ähli babatda, şol sanda sanjym etmek barada goldaw berýändigini belledi. Olimpiýa oýunlarayna gatnaşjak ähli türgenleriň koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini mälim etdi.
Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly-8-nji awgusty aralygynda geçiriler.
Tokio ― 2021: daşary ýurt wekiliýetleriniň adam sany çäklendiriler