SPORT

“Bawariýa” täze tälimçi geler

Germaniýanyň “Bawariýa” topary tälimçisini çalşar. 2021-nji ýylyň täze mwösüminden topara täze tälimçisi tälimçilik eder. Bu barada toparyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň täze tälimçisi 33 ýaşly Ýulian Nagelsmann bolar. Ol häzirki wagtda Germaniýanyň “Leýpsig” toparyna tälim berýär. Tälimçi Germaniýanyň “Bawariýa” topary bilen 5 ýyllyk şertnama boýunça razylaşdy.

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň häzirki tälimçisi Hans-Diter Flik wezipesinden gider. Onuň özi şertnamany öňünden ýatyrmagy talap etdi. Ilkibaşda bu tälimçi bilen 2023-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşylypdy.

“Bawariýa” topary Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda “PSŽ” toparyndan iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňlipdi. Ýöne topar Germaniýanyň milli futbol çempionatynda “Bundesligada” öňde barýar we nobatdaky çempionlygyna golaýlaýar.

Hytaý 2021: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri

 

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy