JEMGYÝET

«Time» žurnalynyň täsin sahaby

Bir asyrlyk taryhy bolan «Time» žurnalynyň soňky sanynyň baş sahaby adaty bolmadyk bir surat bilen bezeldi. Sahapda ýerleşdirilen surat howanyň global maýlamagyna bagyşlanýar. Ol «Howa ― hemme zat» diýlip atlandyrylypdyr.

50 müň däne otluçöpden ybarat suratda Ýer ýüzi beýan edilýär. Her yklymda bolsa ýanyp başlan bölekler görkezilipdir. Surat ýagdaý şeýle dowam etse, global maýyllygyň hemmelere täsirini ýetirjekdigini görkezýär.

Žurnalyň baş sahabyndaky suraty malaýziýaly suratkeş Red Hong Ýi we onuň 6 sany kärdeşi taýýarlady.

Malaýziýaly suratkeşiň aýtmagyna görä, nirede ýaşaýdygyna garamazdan, global ýylylyk her bir adama täsir edip biler. Şonuň üçin onuň garşysyna wagtynda göreşmek gerek.

 

Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli ýa-da näçe wagt gerek?

 

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi açyldy

Ata Watan Eserleri

Viyana’da Türkmenistan-Avusturya işbirliğinin görüşüldü

vepa