JEMGYÝET

Ronaldodan “Eneler gününde” gymmatly sowgat

Futbol ýyldyzy Kriştiano Ronaldo  “Eneler güni” mynasybetli ejesi Dolores Aweýro üçin bahasy 100 müň ýewro (takmynan 800 müň TL) bolan awtoulag sowgat etdi. Portugaliýaly futbolçynyň ejesi özüniň gymmat bahaly sowgadyny “Instagram” jemgyýetçilik tory arkaly mälim etdi.

Şol ýerde mälim eden beýanatynda şeýle diýýar: “Şu gün alan sowgatlarym üçin çagalarymyza sag bolsun aýdýaryn. Dünýäniň ähli eneleri baýramçylygy bilen gutlaýaryn”.

Ronaldo Portugaliýanyň günorta-günbataryndaky Madeýra adasyna 8-nji martda ysmaz keseline duçar bolan ejesi Mariýa Dolores Aweýrony görmek üçin gidipdi.  Soňra koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli Italiýa yzyna dolanyp bilmedi. Ol 29-njy martda ejesiniň bu keselden halas bolandygyny habar berip, ähli adamlary öýde galmaga çagyrdy.

Ejesi we uýalary bilen düşen suratyny jemgyýetçilik torundaky hasabynda goýan Ronaldo şeýle beýanat bilen hem çykyş etdi: “Ejemiň sagdyn ýagdaýda öýde bolýandygyna begenýärin. Maşgalaňyza we ýakynlaryňyza gowy serediň. Öýde galyp, özüňizi goraň.”

 

Ýene-de okaň

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri