JEMGYÝET

Marsa kislorod hem göçüp barar

Adamyň Marsda ýerleşmek baradaky arzuwlarynyň soňy gelenok. Ýöne ol gyzyl planeta goş-golamlaryny göçürmezden ozal kislorody göçürip äkitmegi meýilleşdirýär. Ýöne nädip?

Munuň hem ugry tapyldy. Has takygy, «Perseverance» marsohodynyň «Moxie» tejribehanasy Marsa kislorod alyp gitmegiň ýoluny tapdy. Tejribehananyň hünärmenleri 5 gram möçberinde kislorod işläp taýýarladylar. Aýdyşlaryna görä, ol 1 adamyň 10 minutlap dem almagy üçin ýeterlik bolar.

Biler bolsaňyz, Marsyň atmosferasynyň 96 göterimini kömürturşy gazy düzýär. Gyzyl planetadaky kislorod bolsa atmosferanyň bary-ýogy 0,13 göteriminde bar.

Indi deňeşdireliňmi? Ýeriň atmosferasynyň 21 göteriminde kislorod bar…

 

Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär

 

 

Related posts

Aşgabadyň şaýollarynyň birine professor Hans Maýsneriň ady dakyldy

Serdar Azmun Aziýanyň iň güýçlüleriniň hatarynda

vepa

Aral Denizi 17 bin yaşın üzerinde

vepa