Indoneziýa döwletiniň 69 ýaşly ýaşaýjysy Alasan Sadiman tokaýlygyň ýitip gitmegine garşy göreşýär. Eýýäm bu gojaman adam Ýawa adasynyň 250 gektar meýdanynda ýeke özi 11 müň bag ekmegi başarypdyr. Munuň üçin Sadiman öz ömrüniň 24 ýylyny ýitiripdir diýip, Reuters habar gullugy habar berýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu adamy “Ýeke eko göreşçi” diýip atlandyrypdyrlar. Haçan-da Sadiman agaç ekip başlanda, obasynyň töweregindäki depeler-baýyrlar ot bilen ýakylýan boş ýerler ekeni. Topragy ekişe taýýarlamak üçin agaçlar ýakylypdyr, ýöne tokaýlara zeper ýetmegi bilen, ýerli derýalar, köller we akymlar guramaga başlapdyr we obanyň ilaty suw ýetmezçiligini hem başdan geçiripdirler. Sadiman bolsa hem şol döwürlerde öz bag ekişini dowam etdiripdir. Oba adamlary Sadimanyň arman-ýadaman işleýänligi üçin oňa sowuk sala garapdyrlar, indi bolsa Sadimana gahryman ýaly garaýarlar. Indi Ýawa adasynyň gurak daglyk sebitine suw gaýdyp gelenden soňra Sadimanyň saýasynda baýyrda ekilen baglar durmuş oazisine öwrülipdir.
“Bu obada ýaşaýan adamlar howpsuz we bagtly ýaşap bilerler diýip umyt edýärin. Tokaýlary hiç wagt we islendik ýagdaýda ýakmaň” diýip, indoneziýaly eko-göreşçi Alasan Sadiman belläp geçýär.
Sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy