TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň uly ýolagçy uçarynyň önümçiligi togtadyldy

Ýewropanyň «Airbus» awiakonserni Fransiýanyň Tuluza şäherindäki zawodynda dünýäniň uly ýolagçy uçary hasaplanylýan «Airbus A380»-iň iň soňky nusgasyny taýýarlap, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Emirates» awiakompaniýasyna tabşyrdy.

«MSN272» bort belgili uçar 17-nji mart güni Tuluzadan Gamburg şäherindäki kärhana getirildi. Bu ýerde onuň soňky barlag işleri geçirildi.

Kompaniýa «A380» uçarlarynyň önümçiliginiň bes ediljekdigini baryp 2019-njy ýylda habar beripdi. Munuň esasy sebäbi hökmünde bolsa dünýäniň iň uly ýolagçy uçarynyň esasy müşderisi bolan «Emirates» kompaniýasyndan sargytlaryň azalmagy görkezilýär. Soňky ýyllarda arap kompaniýasy sargytlaryny üýtgedildip, 39 sany «A380»-niň ornuna 40 sany «A330», 30 sany hem «A350» satyn almak kararyna geldi. Elbetde, bu görnüşlere ýolagçy biraz az ýerleşýär. Ýöne olar dünýäniň iň uly ýolagçy uçaryna garanyňda has ygtybarlydyr.

Ýeri gelende aýtsak, ilkinji «A380» 2005-nji ýylda öndürildi. 2007-nji ýylda bolsa dünýäniň iri awiakompaniýalary bu uçardan peýdalanmaga başladylar. Oňa 850-ä çenli ýolagçy ýerleşýär.

 

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

 

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama