BILIM

Mekdep okuwçylarynyň arasynda ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi

Şu ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Milli Bilim institutynda umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda onlaýn arkaly ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 105-si özleriniň 62 işi bilen gatnaşdy.

Bäsleşikde robot tehnikasy, takyk we tebigy ylmy ugurlar boýunça iň ýokary utuk alan işleriň arasynda «Päsgelçilikden sowlup geçýän robot ulagy», «Akylly ot söndüriji», «Awtomatiki ekin ekiji», «Elektrik simleriniň zeper ýeten ýerlerini awtomatik usulda tapmak», «Sanly bilim-mekdep sahypasynda», «Durnukly elektrik toguny almak üçin amatly we elýeter serişdelerden Gün panellerini ýasamak», «Gidrolik lift», «Gapylary açmakda programmalary ulanmak», «Ykjam web saýt», «Howadan agyz suwuny almak», «Önümçilik galyndysy bolan pagta lintinden sellýulozanyň alnyşy», «Ekotoplum», «Üzärlikli suw çüwdürimi», «Tebigy ugurly alymlaryň ensiklopediýasy» ýaly taslama işleri aýratyn tapawutlandy.

Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda robot tehnikasy boýunça Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçylary Seýitmyrat Maşaripow, Daýanç Kurbandurdyýew, takyk ylmy ugurly dersler boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçylary Çynar Garlyýewa, Gülöwser Gylyçmämmedowa, tebigy ylmy ugurly dersler boýunça şu mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçylary Güneş Seýitniýazowa, Aýjahan Akmyradowa taýýarlan işleri bilen birinji orna mynasyp boldular.

Şunlukda, robot tehnikasy boýunça 21 iş hödürlenip, şolaryň biri 1-nji, ikisi 2-nji, üçüsi bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.

Takyk ylmy ugurly dersler boýunça 20 iş hödürlenip, olaryň biri 1-nji, ikisi 2-nji, dördüsi 3-nji orna mynasyp boldy. Tebigy ylmy ugurlar boýunça hödürlenen 21 sany taslama işlerden biri 1-nji, ikisi 2-nji, üçüsi bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, robot, takyk we tebigy ylmy ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikde üstünlikli çykyş edenleriň arasynda 19 okuwçy ýeňiji bolup, olardan 3-si birinji, 6-sy ikinji, 10-sy bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň sowgatlary, höweslendiriji baýraklary hem-de Milli Bilim institutynyň şahadatnamalary gowşuryldy.

 

Öýde saklap bolmaýan, degip bolmaýan pul

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Petronas” kompaniýasy bilen ähtnama gol çekdi

Türkmenistan we “Huawei”: sanly ulgam üçin hünärmenler taýýarlanar

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Türkmen talyplary Polşadan 26 medally dolandylar