TEHNOLOGIÝA

“Sanly çözgüt-2021” bäsleşigi geçiriler

Ýurdumyzda “Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde hasabat berildi.

Geçen ýyl ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, goşmaça bilimi höweslendirmek üçin zerur şertleri döretmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, ýurdumyzda “Sanly çözgüt — 2020” atly bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenler gatnaşdylar. Bäsleşikde 100-den gowrak taslama görkezildi. Häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli, ýeňiji bolan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejedäki baýramçylyk çäreleri meýilleşdirildi. Şeýle hem milli Liderimiziň degişli Karary bilen 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek, täze programma üpjünçiligini taýýarlamak, ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça “Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň jemi “Türkmentel — 2021” atly halkara serginiň çäklerinde jemlener.

 

Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler geçiriler

 

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi