TEHNOLOGIÝA

Ýene-de bir awtoulag kompaniýasy nyşanyny üýtgetdi

“Renault” awtoulag kompaniýasy özüniň nyşanyny täzeledi. Kompaniýanyň täze nyşanyny ilkinji gezek “Renaulution” tanyşdyrylyşyndA hödürlenipdir. Bu nyşany ilkinji gezek “Renault 5 Prototype” awtoulagynda ulanypdyrlar. Bu barada fransuz markasynyň metbugat gullugy habar berýär. “Renault” awtoulag kompaniýasy mundan ozal 8 gezek özüniň nyşanyny üýtgetdi. Täze nyşany bolsa kompaniýanyň taryhynda 9-njy täze nyşan bolup hasaplanylýar.

“Biziň geometriki romb şekilli nyşanymyz dünýäde we awtoulaglar dünýäsinde iň tanalýan nyşanlaryň biri hasaplanylýar. Umuman bizde geljege uly ynam bilen öňe gitmek üçin nyşanymyzy täzelemek, täze many we häzirki zaman gymmatlyklary bermek pikirimiz bardy”-diýip, Renault kompaniýasynyň dizaýn ugry boýunça ýolbaşçysy Žil Widal belläp geçýär. Mundan ozalky kompaniýanyň nyşany 1992-nji ýylda döredilip, 2015-nji ýylda bolsa täzelenipdir. 2024-nji ýyla çenli bolsa kompaniýanyň öndüriljek ähli awtoulaglarynda kem-kemden täze nyşan peýda bolup başlar.

 

Taryhy nyşanyny täzeledi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri