SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gazagystan 14 ýurda halkara uçar gatnawlaryny ýola goýdy

Häzirki wagtda Gazagystanyň awiakompaniýasy içerki 45 ugur boýunça öz uçuşlaryny başlatdy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň Raýat awiasiýasy komitetiniň metbugat gullugy, pandemiýa sebäpli ozal wagtlaýyn togtadylan uçuşlary, indi häzirlikçe 14 sany ýurt bilen halkara uçuşlaryny ýola goýandygyny habar berýärler.

“Şu güne çenli hepdede 590 uçuş ýygylygy bilen 45 ugur boýunça ähli içerki uçuş gatnawlar başlanyldy. Halkara uçuşlar babatynda bolsa häzirlikçe hepdede 103 uçuş ýygylygy bilen 14 sany ýurt bilen uçuşlar ýola goýulypdyr. Olar: Türkiýe, Günorta Koreýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarus, Ukraina, Germaniýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Müsür, Russiýa, Gruziýa, Täjigistan, Maldiwler, Şri-Lanka döwletleri bolup durýar”, diýip Gazagystan Raýat awiasiýasy komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

 

Köp milliard ýyllyk meteorit

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar