SPORT

«Inter» çempionlyga ýakynlaşýar

Düýn Italiýanyň «Seria A» çempionatynda «Inter» we «Genoa» topary bilen duşuşyk geçirdi. «Genoa» toparyny öz öýünde kabul eden «Inter» myhman topary 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Italiýanyň «Seria A» çempionatynda «Inter» topary ilkinji orunda barýar. Toparyň nobatdaky ýeňişi çempionlyga ýakynlaşmaga uly gadam boldy. Bu oýunda duşuşygyň ilkinji minudynda gol salmagy başaran Romelu Lukaku Italiýanyň «Seria A» çempionatynda iň köp gol salan oýunçylaryň arasynda Kristiano Ronaldodan soňra ikinji orunda durmagyny dowam etdirýär. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda, has takyky 76-njy minutynda oýna giren Aleksis Sançes 77-nji minutda gol geçirmegi başardy. Sançes bilen Lukaku üçin bu oýun örän şowly geçdi. Çünki üns beren bolsaňyz, olaryň ikisi hem oýuna giren ilkinji minutlarynda gol salmagy başardy. «Genoa» toparynyň derwezesine üçünji goly Matteo Darmian 69-njy minutda salmagy başardy.

 

Sport täzelikleri: iň gowy tälimçi we iň gowy derwezeban

 

 

 

 

Ýene-de okaň

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi

Germaniýa 32 ýyldan soňra basketbol boýunça Ýewropa çempiony boldy