Reýhan ösümligi köpleriň halaýan we adamyň saglygy üçin peýdaly ösümlikleriň biridir. Reýhanyň daşky gözelligi bilen bir hatarda, ýakymly ysy hem özüne çekýär. Bu ösümligi köp ýurtlarda «hoşboý ysly ot» hökmünde tanalmagy hem şondandyr. Reýhan otuny ata-babalarymyz gündelik durmuşynda giňden peýdalanypdyrlar. Osmanly soltanlary reýhany gözellik üçin hem gündelik durmuşynda ulanypdyrlar.
Reýhan ösümligi köpýyllyk hem medeni ösümlikleriň hataryna degişli hasaplanýar. Onuň düzümi kalsiý, demir ýaly maddalara baýdyr. Reýhan nerwi ulgamyna rahatlyk berýär. Şonuň üçin ony gündelik naharyň gapdaly bilen iýmek maslahat berilýär. Ol immun ulgamynyň işini güýçlendirip, kesele garşy göreşijiligi ýokarlandyrýar. Şeýle-de, adam bedeninde witamin ýetmezçiliginden döreýän dürli näsazlyklara garşy peýdasy ulydyr. Ýürek agyrysy bar adamlara, reýhandan taýýarlanan suwy içmek maslahat berilýär. Ol agyryny gowşadýar we gan basyşy kadalaşdyrýar. Böwrek üsti mäzleriň işini ýola goýýar. Munuň netijesinde, böwrekde döreýän daşlaryň we näsazlyklaryň öňüni alýar.
Reýhan oty agyz boşlugyna we dişleriň sagdyn bolmagyna-da ýetirýän täsiri ulydyr. Ony terligine iýmek, dişleriň etini güýçlendirýär. Alymlar geçmişde ata-babalarymyzyň reýhan suwunyň adam bedenine, beýnisine dynç berýändiklerine ynanandyklaryny tassyklaýarlar.
Reýhan diňe bir adam saglygyna peýda bermek bilen çäklenmeýär. Ol diňe bir iýmit hökmünde däl-de, eýsem, özüne çekiji, bezeg güli hökmünde hem durmuşymyzda giňden ulanylýar. Reýhanyň gülgüne, ak gülleri bolýar. Şonuň üçin hem, bezeg hökmünde şäherýaka eteklerinde köp ösdürilip ýetişdirilýär. Reýhany ekin meýdanlaryň gyrasynda hem-de penjiräniň öňünde ösdürilip ýetişdirilse, ekinleri we öýi, ýaz aýlarynda peýda bolýan mör-möjeklerden goraýar. Reýhan bedeniň we ýüzüň owadanlygy üçin dürli ýapgylarda-da ulanylýar. Ter reýhany zeýtun ýagy bilen ezip endama sürtmek bedeniň gözelligi üçin peýdalydyr. Ýaz günleri reýhandan taýýarlanýan şerbedi taýýarlap, içmek hem peýdalydyr.
Perhat ALLAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy