DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy baradaky ähtnamany tassyklady

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” uglewodorod ýatagynyň özleşdirilmegi babatda gol çekilen özara düşünişmek baradaky ähtnama dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Azerbaýjanyň “Azertag”resmi habarlar agentliginiň habaryna görä, bu taryhy resminama Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisi tarapyndan tassyklandy. Milli Mejlisiň plenar mejlisinde “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakyndaky özara düşünişmek Ähtnamasynyň tassyklanmagy” baradaky kanun taslamasyna hem seredildi.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda deputatlar bu resminamanyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, Ähtnamanyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine goşant goşjakdygyny bellediler.

Özara pikir alyşmalardan soňra ses bermek arkaly bu resminama tassyklandy.

Mälim bolşy ýaly, bu resminama şu ýylyň 21-nji ýanwarynda gol çekilipdi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy