DÜNÝÄ

Şarl Mişel Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel Gazagystana resmi sapar bilen geldi. Bu barada Gazagystanyň resmi saýty habar berýär. Ýewropaly myhmany Astananyň halkara howa menzilinde Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow garşylady.

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň Gazagystana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bilen duşuşygy hem meýilleşdirildi. Şeýle hem birnäçe ikiçäk duşuşyklar geçiriler.

Şarl Mişel Gazagystandaky sapary tamamlap, Özbegistana barar. Bu ýerde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikler geçirer we Samarkant şäherine baryp görer.

Related posts

Azerbaýjanyň iň garry saýlawçysy 124 ýaşynda

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Dünýäniň iň garry jübütleri

Leave a Comment