SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Adatdakysyndan 70 göterim tiz anyklar

Angliýanyň Milli saglyk hyzmatlary guramasy tarapyndan ýaýradylan beýannama görä, kompýuter tamografiýasy öýkende howply täze döremeleriň emele gelşini adaty ýagdaýdan 70 göterim tiz ýüze çykaryp bilýär. Muny London uniwersitetine degişli hassahananyň alymlary tassykladylar.

Munuň üçin olar bir ýylyň dowamynda ýörite barlaglary geçirdiler. Eýýäm barlaglaryň geçirilýän günlerinde onuň netijeleriniň ýöriteleşdirilen žurnalda çap ediljekdigini hem habar berdiler. Şeýlelikde, çilim çekýän we ozal çeken adamlaryň öýkenlerini wagtal-wagtal kompýuter tamografiýasyndan geçirip durmagyň, howply täze döreme keselini adatdakysyndan 70 göterim tiz ýüze çykaryp boljakdygy subut edildi.

Şeýlelikde, keseliň irki döwürlerde ýüze çykarylmagy bilen, bu kesele ýolugan her 10 hassanyň 7-sini halas etmek umydy beýgelýär. Munuň özi öýkende döreýän bu agyr kesel bilen bagly örän ähmiýetli öňegidişlikdir.

Soňky ýyllarda London ýaly iri şäherlerde bu kesele köp gabat gelinýär. Lukmanlar çilim çekýän her 12 müň adamdan 180-siniň howply täze döremä uçramak ähtimallygyny öňe sürýärler. Şonuň üçin hem olar hemmelere wagtal-wagtal kompýuter tomografiýasynda barlanyp durmagy maslahat berýärler.

 

Android ulgamda işleýän Makul Sözlük Applikasiýasynyň linki

Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyň linki 

 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy