SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Eýfel diňi ýene açylar

Dokuz aýa golaý arakesmeden soň Eýfel diňi myhmanlar üçin 16-njy iýulda açylar.

Aýdylmagyna görä, ilki bilen minara gelýänleriň sany çäklendiriler. Birinji günde 10 müňe golaý adam barmagy mümkin.

Pandemiýa başlamazdan ozal bu ýere her gün 25 müňe golaý adam gelipdir. Eýfel diňi mart aýynyň ortalaryndan maý aýynyň ortalaryna, şeýle hem 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda ýapyldyr.

Şu ýylyň 19-njy maýyndan başlap, Fransiýada epidemik ýagdaýlaryň gowulaşmagy bilen  çäklendirmeleri ýeňilleşdirmegiň täze tapgyry başlandy.

Muzeýleriň, kinoteatrlaryň, kafeleriň we restoranlaryň belli bir bölegi, geýim we öý enjamlarynyň bolsa dükanlary gelýän adamlar üçin açyldy.

 

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

 

 

Related posts

Türkmen-özbek serhedinde syýahatçylar üçin maglumat merkezi açyldy

Ata Watan Eserleri

Stambul -Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri