DÜNÝÄ

5000 ýyllyk kärhana tapyldy

Amerikaly we Müsürli arheologlaryň Nil derýasynyň günbatarynda üstünden baran täze galyndysynyň mundan 5 müň ýyl ozal işledilen piwo kärhanasydygy belli boldy.

Müsüriň gadymy eserler boýunça ýokary guramasynyň baş kätibi Mostafa Waziriniň aýtmagyna görä, bu galynda Kairiň 450 kilometr uzaklygynda, Nil derýasynyň günbatar tarapyndaky Abidos gonamçylygynda gabat gelindi.

Alymlaryň pikirine görä, bu kärhana Müsürdäki ilkinji hökümdarlyklaryň birine degişli bolmaly. Bu hökümdarlyk b.e.öň 3150-nji ýyldan b.e.öň 2613-nji ýyla çenli ýaşapdyr. Kärhananyň bu hökümdarlygyň iň meşhur ýolbaşçylarynyň biri Narmeriň döwründe işledilen bolmagy ahmal.

Bu ýerde arheologlar her biriniň uzynlygy 20, ini bolsa 2,5 metre ýetýän 8 sany öndüriji desganyň üstüni açdylar. Bu tapyndynyň dünýädäki ilkinji piwo önümçiligi bilen meşgullanan kärhana bolmagy mümkin diýlen çaklama öňe sürülýär.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän Atavatan Applikasyýasynyň linki

Related posts

Hytaý-Merkezi Aziýa sammiti 18-19-njy maýda geçiriler

Üçtaraplaýyn gaz bileleşigini döretmekçi

An exhibition of export products of Turkey is held in Ashgabat

vepa