BIZNES

Lukmançylyk edaralaryna dürli serişdeleri satyn almak bäsleşigi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişde bellenilip geçilýär.

Lot № 12 — Halkara okuw-ylmy merkezi üçin saglygy goraýyş maksatly we lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 13 — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 14 — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 15 — Saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 16 — Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi

Türkmenistan Aziýanyň ösüş bankynyň sebitleýin taslamasyna goşular

Koreý kompaniýasy Türkmenistandaky ornuny berkidýär

Çagalar we gelejek: Innowasiýalaryň sergisi