TEHNOLOGIÝA

Ýewropada iň köp satylan ulag

2020-nji ýylda Ýewropa sebiti boýunça iň köp satylan ulaglaryň sanawy taýýarlandy. Şol sanawda birinji orny Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy eýeledi. Kompaniýanyň “Golf” kysymly ulagynyň geçen ýylky söwdasy 312 müňe deň boldy. Şeýle hem bu sanawda ikinji we üçünji orunlary ýene-de “Volkswagen” kompaniýasynyň ulaglary eýeledi.

Ýewropanyň Awtomobil öndürijiler bileleşiginiň (ACEA) resmi maglumatlaryna görä, birinji orny eýelän “Golf” kysymly ulagyň 312 müňünden 134 müňüsi Germaniýada satylypdyr. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Raplh Brandstatter “Golf 8” ulagy bilen täze üstünlikleri gazanmagy dowam etdirýändiklerini belledi. Ol koronawirus ýokanjy sebäpli söwdanyň pese gaçandygyna garamazdan, söwda işleriniň ilerledilmegi üçin çemeleşilýändigini belledi.

Ýewropanyň iň köp satylan ulaglarynyň sanawynda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde “Volkswagen” kompaniýasynyň “Tiguan” hem-de “Passat” ulaglary eýeledi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar