SPORT

Angliýanyň çempionatynda uly hasaply ýeňiş

Angliýanyň futbol boýunça çempionatynyň 22-nji tapgyrynda garaşylmadyk netije gazanyldy. Bu tapgyryň çäklerinde “Mançester Ýunaýted” topary öz meýdançasynda “Sautgempton” toparyny 9:0 hasabynda ýeňdi.

Bu Angliýanyň çempionatynyň taryhyndaky iň uly hasaply ýeňişdir. “Mançester Ýunaýted” topary 1995-nji ýylda gazanan rekordyny gaýtalady. 1995-nji ýylda “Ispwiç” toparyny şu hasap bilen ýeňipdi.

“Mançester Ýunaýted” – “Sautgempton” duşuşygynda birinji ýarymda 4 gol, ikinçi ýarymda 5 gol geçirildi. Duşuşykda “Mançester Ýunaýted” toparyndan 7 futbolçy gol geçirdi. Olar: Reşford, Uan-Bissaka, Kawani, Marsial, Bruno Fernandes, Jemýs we Maktomini.

Mundan ozal,  “Sautgempton” topary geçen möwsümde “Lester Siti” toparyndan şu hasap bilen ýeňlipdi.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Related posts

“Arkadag” topary Türkiýede ukrain topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Ata Watan Eserleri

Ýol welosport boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär

29 ýyllyk rekordy täzelendi