BILIM

Kömelek ekini gorar

 Bugdaýa degýän käbir keselleri kömelek sporalary bilen hem bejerip boljak ekeni. Bu teklibi Daniýanyň Kopengagen uniwersitetiniň alymlary öňe sürýär. Olar bugdaýyň aphid infestasiýalaryna garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak üçin kömelegiň üç görnüşiniň täsirini öwrendiler.

Uniwersitetiň alymlary tarapyndan alnyp barlan taslamanyň wekilleriniň biri bolan Nikolaý Witt Meýling «Synaglarda käbir himiki serişdelerden hem peýdalanyp, kömelekleriň ösümlikleri goramak ukybynyň bardygyny ýüze çykardyk. Olaryň ösümligiň saglygyna täsirini hem kim synag edip görüp biler» diýýär.

Geçirilen barlaglar kömelek sporalarynyň ekiniň köküne zyýan berijileri ýok edýändigini görkezdi. Synaglaryň indiki ädiminde uly meýdanlarda ekiljek tohumlar gözden geçiriler. Geljekde şeýle biologiki goragy ulanmak insektisidlere bolan zerurlygy ep-esli azaldar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar