TEHNOLOGIÝA

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly isleg bildirilipdir.

“TWS” gulaklygyň satuwy takmynan 90% göterime barabar bolupdyr. Tehnologiýa kompaniýalaryň öndürýän kabelsiz gulaklygyň satuwy bolsa 40% göterime ýetipdir. Şol görkezilen iň beýik netijä “Apple” kompaniýasynyň “AirPods” gulaklygy mynasyp bolupdyr. Ondan soňra “Xiaomi, Samsung, Huawei we Realme” kompaniýalaryň gulaklygy satylypdyr. 2021-nji ýylda bolsa “TWS” gulaklyk ugruny güýçlendirmek isleýär, şonda “Apple” kompaniýasy bu ugurda öňdebaryjylygyny ýitirip biler diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi