JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, general-maýor Şadurdy Durdyýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy.

Podpolkownik Ýazgeldi Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellendi. Ol Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem podpolkownik Ýazgeldi Nuryýewe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, möhletinden öň polkownik harby ady dakyldy.

Mundan başga-da, polkownik Muhammetgeldi Agageldiyew Türkmenistanyň milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellendi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Related posts

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Hususy telekeçilere karz bermek: Ýeňillikli we 500 essä çenli

Ata Watan Eserleri

Ogulabat ejäniň alajalary we olary taýýarlamakdaky iş guraly Döwlet muzeýine gowşuryldy

Ata Watan Eserleri