SPORT

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi “Altyn Asyr” bilen kümüş medalyň eýesi “Ahal” toparlary öz garşydaşlaryny bildiler.

Ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi “Altyn Asyr” topary “F” toparçada Özbegistanyň futbol çempionatyny üçünji hatarda tamamlan AGMK (ýa-da “Nasaf”), Täjigistanyň futbol birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi “Hojand” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Alaý” toparlary bilen bäsleşer.

“E” toparça düşen “Ahal” toparynyň garşydaşlary Täjigistanyň Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” toparlary bolarlar.

AFK-nyň Kubogy – 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14-20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11-25-nji awgustda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, saýlama tapgyryna gatnaşýan AGMK topary AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşigine düşen ýagdaýynda, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde onuň ornuny Özbegistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi “Nasaf” topary eýelär.

AFK-nyň Kubogy – 2021

Merkezi sebit

Е” toparça:

“Rawşan” (Täjigistan)

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

“AHAL” (TÜRKMENISTAN)

 

“F” toparça:

AGMK (ýa-da “Nasaf”, Özbegistan)

“ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)

“Hojand” (Täjigistan)

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy